Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

  • 14.11.2025 18:57
  • 4.4k+

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň giň gerimli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini aýtdy. D.Şlapaçenko Awazada guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Duşuşykda Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi nygtaldy. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi. Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu duşuşygyň çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......