Ýewro-2028-iň finaly Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler

  • 15.11.2025 00:42
  • 6.4k+

2028-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň final duşuşygy Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi.

Final oýun 9-njy iýulda bolar. Finaldan başga-da, bu stadionda iki sany ýarym final we bir çärýek final oýunlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Arena takmynan 90 müň tomaşaçyny kabul edip bilýär we ol eýýäm Ýewropa çempionatynyň finalyna eýeçilik edipdi: 2021-nji ýylda Italiýanyň ýygyndysy jerime urgulary arkaly Angliýany ýeňipdi.
Ýewro-2028 Angliýada, Şotlandiýada, Uelsde we Demirgazyk Irlandiýada geçiriler. Ýaryşa 24 milli ýygyndy gatnaşar. Açylyş oýny 9-njy iýunda Kardiffdäki "Principality" stadionynda bolar.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......