Adambaşyna iň ýokary girdeji boýunça ýurtlaryň arasynda Lihtenşteýn birinji boldy

  • 16.11.2025 14:19
  • 5.6k+

Adam başyna iň ýokary girdejisi bolan on ýurduň ýedisi Ýewropada ýerleşýär. Bu maglumat Halkara pul gaznasynyň (HPG) 2025-nji ýylyň oktýabrdaky ýagdaýyna görä täzelenen reýtinginde görkezilýär.

Sanawda absolýut lider Lihtenşteýn boldy. Bu ýurt Şweýsariýa bilen Awstriýanyň arasynda ýerleşýän kiçijik knýazlyk. Bu ýerde adam başyna düşýän jemi içerki önüm (JIÖ) 231 713 dollara ýetdi. Bu görkezijiniň şeýle ýokary bolmagy ýurduň ykdysadyýetiniň özüne mahsus aýratynlyklary bilen düşündirilýär: işgärleriň takmynan 60%-i her gün serhedi geçip işe gelýän daşary ýurtly ýaşaýjylar. Olaryň ilat statistikasynda görkezilmeýänligi sebäpli, bir adama düşýän ortaça girdeji has ýokary görünýär.
Ikinji orunda meňzeş modeli ulanýan Lýuksemburg ýerleşýär: daşary ýurtly işgärleriň köpdügi we öňdebaryjy maliýe sektory onuň ykdysadyýetini ösdürýär.
Ilkinji üçlügi 129 132 dollarlyk adambaşyna JIÖ bilen Irlandiýa jemleýär. Ýurduň ösüşi Google, Meta, Apple we Microsoft ýaly iri halkara kompaniýalarynyň Ýewropadaky ştab-kwartiralarynyň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglanyşykly. Üns çekiji salgyt syýasaty we ýokary bilimi bolan işgärler Irlandiýany Ýewropanyň IT merkezi we "bilim ykdysadyýeti" boýunça ýurtlar üçin nusga etdi.
Onluga Şweýsariýa, Islandiýa we Singapur hem girdi. HPG bu döwletleriň ýokary hakyky girdejilere eýedigini, olaryň daşary işçi akymyna ýa-da salgyt ýeňilliklerine gönüden-göni bagly däldigini belleýär. Aýratynam, Singapuryň mysaly üns çekmäge mynasyp: 1980-nji ýyldan bäri adambaşyna düşýän ortaça girdeji 19 esse ösdi. Ol Londonyň we Nýu-Ýorkyň derejesinde maliýe, logistika we ýokary tehnologiýalar merkezine öwrüldi.
HPG-niň maglumatlaryna görä, girdeji boýunça öňde barýan ýurtlaryň aglabasy — jemgyýetçilik ulgamy kämil, bilim we innowasiýalara ýokary maýa goýýan we durnukly syýasy guramaçylyga eýe kiçi döwletlerdir. Meselem, 2025-nji ýylda dünýä boýunça ortaça adambaşyna düşýän JIÖ 15 000 dollar boldy. Ykdysadyýetçiler şeýle uly tapawutlaryň diňe ykdysadyýetiň möçberini däl, eýsem dolandyryşyň netijeliligini, tehnologiýalaryň derejesini we sosial syýasaty hem görkezýändigini nygtaýarlar.


düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......