Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler

  • 14.11.2025 19:04
  • 2k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň geodeziýa kafedrasy guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler.

Olimpiada gatnaşmaga taýýarlygyň dürli ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden bäşden köp bolmadyk talyplar goýberilýär.
Bäsleşik 17-nji dekabrda 15:00-da  şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylara 50 sowaldan ybarat bolan test synagyny geçmek teklip ediler.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň netijeleri toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň arasynda jemi 9 sany – iki I, üç II we dört III baýrakly orunlar berler. Bäsleşikde tapawutlanan talyplar üçin höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutuldy.  
Olimpiadada çykyş etmek isleýänler  tdbgi.kartografiya@gmail.com elektron salgysyna gatnaşjak talyplar we olaryň ýolbaşçysy barada maglumatlary 10-njy dekabra çenli ibermelidirler. Gatnaşmaga haýyşnamalary resmileşdirmegiň hem-de olimpiadanyň geçirilişiniň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir.
Goşmaça maglumatlary +99361669421; +99312281840 telefon belgilerine jaň edip alyp bolar.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......