8.4k+

Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy

Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy...

3.9k+

New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy

New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi...

15k+

«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär...

11k+

IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli...

10k+

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy...

5.8k+

Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler...

4.6k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady. "Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär...

8.8k+

UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär. Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar...

5.8k+

“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer

2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar...

3k+

Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde gumanoidleriň ilkinji Halkara olimpiadasy geçiriler. Adam şekilli robotlar sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çeýeligi, tizligi we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezer...

3.8k+

Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi

Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy...

6.2k+

“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy...

13k+

Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär...

4.7k+

Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi

Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy...

6.4k+

“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy

Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy...