Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy

  • 10.06.2025 15:27
  • 8.5k+

Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy. Onuň zähmet haky ýylda 9,5 mln ýewro barabar. Bu milli toparlaryň halypalary üçin adaty bolmadyk mukdar bolup, ol klub derejesindäki şertnamalar bilen deňleşýär.
Bu görkeziji boýunça ikinji orunda Angliýanyň milli ýygyndysyna tälimçi bolan Tomas Tuhel ýerleşýär. Onuň ýyllyk girdejisi 5,9 mln ýewro barabar. Onuň yzyndan Ýulian Nagelsmann (Germaniýa, 4,9 mln), Roberto Martines (Portugaliýa, 4 mln) we Didýe Deşam (Fransiýa, 3,8 mln) gelýär.

Deňeşdirmek üçin, klub futbolynda zähmet tölegleri ep-esli ýokarydyr. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, iň köp hak alýan tälimçileriň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Diego Simeone (“Atletiko”) – 34 mln ýewro
  2. Simone Indzagi (“Al-Hilýal”) – 26 mln
  3. Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”) – 24,8 mln
  4. Mikel Arteta (“Arsenal”) – 18,7 mln
  5. Stefano Pioli (“Al-Nasr”) – 15,5 mln
  6. Dewid Moýes (“Ewerton”) – 15 mln
  7. Luis Enrike (“PSŽ”) – 11,5 mln
  8. Mattias Ýaýssle (“Al-Ahli”) – 11,5 mln
  9. Žoze Mourinýu (“Fenerbahçe”) – 11 mln
  10. Unai Emeri (“Aston Willa”) – 10 mln

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......