Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy

  • 05.06.2025 16:35
  • 14k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy.

Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi. Garşydaş topardan Florian Wirs tapawutlandy.
40 ýaşly Ronaldu milli ýygyndy üçin gol boýunça özüne degişli dünýä rekordyny 137 topa ýetirdi.
Finalda Roberto Martinesiň topary Ispaniýa – Fransiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar. Bu duşuşyk anna gününe geçilýän gije bolar.
Milletler ligasy 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ilkinji möwsümde ýaryşda Portugaliýanyň ýygyndysy ýeňiji bolupdy. 


düýn 17:07
6.6k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....