Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy

  • 08.06.2025 23:21
  • 9.6k+

UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy.

Birinji ýarymyň soňky sekuntlarynda Kilian Mbappe hasaby açdy. Ol Çuameniniň diagonal pasyny ussatlyk bilen kabul edip, topy uzakdaky burça geçirip gol geçirdi. Ikinji gol bolsa 84-nji minutda geçdi. Fransiýa Robin Kohyň ýalňyşyndan soň tiz garşylyklaýyn hüjümi gurady. Mbappe Maýkl Oliseni boş derwezä çykarýan pas berdi. Olise toparynyň artykmaçlygyny ikä çykardy.
Birinji ýarymda emin Iwan Kružlýak VAR wideo gaýtalamasynyň kömegi bilen Fransiýanyň derwezesine bellenen 11 metrlik jerime urgusyny ýatyrdy. Ikinji ýarymda bolsa ol Germaniýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Deniz Undawyň goluny hem VAR-yň görkezmesi bilen hasaba alman galdyrdy.
Mbappeniň bu duşuşykdaky geçiren goly milli ýygyndydaky 50-nji goly boldy. 26 ýaşly hüjümçi Fransiýanyň iň gowy bombardirleriniň arasynda üçünji orunda ýerleşýär. Ondan öňde Tierri Anri (51 gol) we Oliwiýe Žiru (57 gol) bar.
Fransiýa ilkinji gezek Milletler ligasynda bürünç medallary eýeledi. 2021-nji ýylda bolsa topar bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy.
Final duşuşyk Portugaliýa bilen Ispaniýanyň ýygyndylarynyň arasynda şu gije geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....