“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

  • 31.05.2025 10:54
  • 6.2k+

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy.

Şertnama 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girer. Şeýlelikde, oýunçy 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatynda “Real” üçin çykyş edip biler.
Bellemeli ýeri, Aleksandr-Arnoldyň “Liwerpul” bilen şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanýar. Žurnalist Mario Korteganyň we beýleki insaýderleriň maglumatlaryna görä, “Real” futbolçyny Klublaýyn dünýä çempionatyna çenli almaga gyssanyp, “mersisaýdlylara” bir million ýewro möçberde öwez tölegini teklip etdi, ýöne iňlis kluby on million sorady. Netijede, Madrid kluby razy boldy we şertnamanyň möhletinden ir ýatyrylmagy üçin soralan mukdary töledi. Eger bu hakykat bolsa, “Liwerpula” ýene bir aýdan topardan mugt gidip biljek oýunçyny satmak başartdy.
Trent Aleksandr-Arnold “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysydyr. Ol esasy toparda 2016-njy ýyldan bäri çykyş etdi. Toparyň düzüminde iki gezek Angliýanyň çempionatyny, ähli içerki kuboklary, Klublaýyn dünýä çempionatyny we UEFA-nyň Çempionlar ligasyny utdy. 


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......