Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady

  • 08.06.2025 17:30
  • 10k+

8-nji iýuna geçilen gije Nýuarkda (Nýu-Jersi, ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 316 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony Merab Dwalişwili bu diwizionda öňki çempion Şon O’Mellä garşy titul goragyny geçirdi.

Söweş Dwalişwiliniň üçünji raundda “Demirgazyk – Günorta” demikdiriji usuly arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Merab yzygider ikinji gezek çempion guşagyny gorady. Şeýle-de, bu onuň yzygider 13-nji ýeňşi boldy.
Ozal şeýle üstünligi UFC-niň Jon Jons, Demetrius Jonson, Habib Nurmagomedow we Maks Holloueý ýaly ýyldyz söweşijileri görkezipdi.
Söweşiň netijesinde Merabyň hasabynda indi 20 ýeňiş bilen dört ýeňliş bar. O’Melliniň hasabynda bolsa 18 ýeňiş we üç ýeňliş bar.
Ýatlap geçsek, Dwalişwili O’Mellini eýýäm ikinji gezek ýeňdi. Mundan öň söweşijiler 2024-nji ýylda duşuşypdy, şol wagt hem emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Dwalişwili ýeňiş gazandy. Şondan soň Merab 2025-nji ýylyň ýanwarynda Umar Nurmagomedowa garşy söweşde titulyny üstünlikli gorady, häzir bolsa ikinji goragyny geçirdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......