“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy

  • 01.06.2025 02:49
  • 16k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy.

Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy. 20-nji minutda ýarymgoragçy Dezire Due toparyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy, 63-nji minutda bolsa ikinji goluny geçirdi. 73-nji minutda gruziýaly hüjümçi Hwiça Kwarasheliýa tapawutlandy, final nokadyny 86-njy minutda Senni Meýulýu goýdy.
Bu Çempionlar ligasynyň taryhynda iň uly ýeňiş boldy. Ozal hiç kim iň abraýly ýewrokubokda (hatda ýaryş Çempionlar kubogy diýlip atlandyrylan döwürde) bäş gol tapawut bilen ýeňiş gazanmandy.
Öz taryhynda “PSŽ” bir gezek hem Ýewropanyň esasy klub ýaryşynda ýeňiji bolmandy. 2020-nji ýylda Lissabonda geçen ýeke-täk finalynda-da topar “Bawariýadan” utulypdy (0:1).
“PSŽ” Çempionlar ligasyny utan 24-nji topar boldy. Ozal fransuz klublarynyň arasynda bu kubogy diňe “Marsel” aldy, ol 1993-nji ýylda finalda “Milany” utdy.
“PSŽ-niň” baş tälimçisi Luis Enrike ozal 2014/15 möwsüminde ispan “Barselonasynyň” başynda Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanypdy.
“PSŽ” Fransiýanyň iň köp titully klubudyr, ol 1970-nji ýylda esaslandyryldy. Klub 13 gezek Fransiýanyň çempiony boldy, 16 gezek Fransiýanyň Kubogyny, 13 gezek Superkubogyny, dokuz gezek Fransuz ligasynyň kubogyny aldy.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......