UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer

  • 02.06.2025 11:32
  • 8.8k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär.

Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar. Ýene 4 mln ýewrony klub UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýna gatnaşýandygy üçin alar. Bu oýunda Luis Enrikäniň topary Ýewropa ligasynyň ýeňijisi – “Tottenhem” bilen duşuşar.
Çempionlar ligasynyň finalyna çykan “Inter” möwsümiň jemi boýunça 136,6 mln ýewro alar. Girdeji boýunça üçünji topar 117 mln ýewro gazanan Angliýanyň “Arsenaly” boldy.
Umuman, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşan 36 topar UEFA-dan 2,437 mlrd ýewro alar. Bu guramanyň ilkibaşda meýilleşdireninden sähel azdyr. Bu serişdeleriň ählisi birleşigiň TW we täjirçilik hukuklaryny satmakdan alýan girdejisidir. Düzgüne laýyklykda, UEFA girdejiniň 7%-ini öz hajatlary üçin alýar, galanlary klublara we federasiýalara paýlanýar.
Forbes-iň hasaplamalaryna görä, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşan 36 toparyň ählisi kepillendirilen ýagdaýda deň paý bilen 670 mln ýewro (hersi 18,62 mln ýewro) alar.
Netijeler üçin tölegler 914 mln ýewro bolar. Bu punkt üç kategoriýa bölünýär. Birinjiden, toparlar toparlaýyn tapgyrda gazanylan ýeňiş üçin (hersi 2,1 mln ýewro) we deňme-deňlik üçin (0,7 mln ýewro) pul baýragyny alýar.
Ikinjiden, pleý-off tapgyryna çykyş üçin bonuslar göz öňünde tutulan. Şeýlelikde, 1/8 finala gatnaşyjylaryň ählisi 11 mln ýewro, dörtden bir finala çykanlar 12,5 mln ýewro, ýarym finalçylar 15 mln ýewro, finalçylar 18,5 mln ýewro alýar.
Üçünjiden, toparçalar ýok ýagdaýynda toparlara ýaryşyň umumy tapgyrynda eýelenen gutarnykly orunlar üçin tölegler göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Metaratings.ru-nyň hasaplamasy boýunça, “Liwerpul” esasy tapgyrdaky birinji orun üçin UEFA-dan 12,5 mln ýewro – orun üçin 10,5 mln we ilkinji sekizlige girendigi üçin ýene 2 mln ýewro aldy.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......