Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri we iň gowy asistenti şol bir oýunçy boldy

  • 02.06.2025 11:27
  • 9.2k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utdy. 2024/2025 möwsüminiň tamamlanmagy bilen ýaryşyň iň gowy bombardirleri we iň gowy assistentleri (gol pasyny berenler) kesgitlendi.

Ýaryşda iň köp gol geçiren oýunçy “Barselonanyň” gyraky hüjümçisi Rafinýa we Dortmundyň “Borussiýasynyň” merkezi hüjümçisi Seru Girassi boldy. Oýunçylaryň ikisi-de 13 gol geçirdi.
Braziliýaly winger Rafinýa ýaryşyň iň gowy assistentleriň sanawynda-da birinji orny eýeledi. Onuň hasabynda dokuz netijeli geçirim bar.
ÇL-iň iň gowy bombardirleri:

  1. Rafinýa (“Barselona”) we Seru Girassi (“Borussiýa”) – 13.
  2. Robert Lewandowski (“Barselona”) we Garri Keýn (“Bawariýa”) – 11.
  3. Lautaro Martines (“Inter”) – 9.
  4. Usman Dembele (“PSŽ”), Erling Holand (“Mançester Siti”) we Winisius Žunior (“Real”) – 8.

ÇL-iň iň gowy assistentleri:

  1. Rafinýa (“Barselona”) – 9.
  2. Usman Dembele (“PSŽ”) – 6.
  3. Ýozua Kimmih (“Bawariýa”), Dawide Dzappakosta (“Atalanta”), Ýulian Brandt (“Borussiýa”), Žeremi Frimpong (“Baýer”), Igor Paýşao (“Feýenoord”), Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Seru Girassi (“Borussiýa”), Şarl de Ketelare (“Atalanta”) – 5.

düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......