Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

  • 04.06.2025 07:58
  • 5.8k+

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Ýörişiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutany oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewe, ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýolugra paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýer B.Annamämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Welosipedli ýörişi Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehanada tamamlandy.


22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....