“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi

  • 04.06.2025 16:12
  • 8.9k+

Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy.

Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi. Üç möwsümiň dowamynda ol topar bilen alty kubok gazandy: Italiýanyň çempionaty, iki Kubogy we üç Superkubogy. Tamamlanan möwsümde Milan kluby çempionatda ikinji orny eýeledi we Çempionlar ligasynyň finalynda “Pari Sen-Žermenden” utuldy (0:5).

“Men klubuň adyndan Simone Indzagä bitiren işleri, görkezen hyjuwy hem-de umumy aýrylyşmak çözgüdine getiren şu günki ýygnakda açykgöwünliligi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin” – diýip, klubuň prezidenti Juzeppe Marotta belledi.

“Interde” işlemezden öň, 49 ýaşly hünärmen “Lasio” tälimçilik etdi we onuň bilen 2017-nji hem 2019-njy ýyllarda Italiýanyň Superkubogyny, şeýle-de 2019-njy ýylda Italiýanyň Kubogyny gazandy.
Ozal insaýder Fabrisio Romano Indzaginiň “Al-Hilýal” saud klubuna tälimçi bolup biljekdigini habar berdi.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......