Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi

  • 31.05.2025 10:59
  • 3.8k+

Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi.

Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy. Ol topar bilen bäş aý işleşdi.
Geçen möwsümde klub Seriýa A-da sekizinji orny eýeledi.
57 ýaşly Allegri eýýäm 2010-njy ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda “Milana” tälimçi bolupdy. Onuň ýolbaşçylygyndaky birinji möwsümde topar Italiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de, 2011-nji ýylda klub ýurduň Superkubogyny aldy.
Allegri “Milandan” gidenden soň “Ýuwentusa” ýolbaşçylyk etdi. Bu klub bilen bäş gezek Italiýanyň çempiony boldy, dört gezek ýurduň Kubogyny we iki gezek Superkubogyny gazandy.


düýn 15:58
8.1k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......