Türkmenistanly karateçiler Samarkantda halkara ýaryşynda 15 medal gazandylar

  • 04.06.2025 13:24
  • 4.6k+

30-njy maý 1-nji iýun aralygynda Samarkantda (Özbegistan) kiokuşinkaý karate boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi.

Erkekleriň agram derejelerinde türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler. Süleýmandurdy Sähedow 70 kg çenli agramda, Meýlis Paşagulyýew 90 kg çenli agramda çempion boldy. Myrat Ekeýew bolsa 90 kg-dan ýokary agramda kümüş medala eýe boldy.
14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda 60 kg çenli agramda Bagtyýar Ýegenmyradow altyn medal gazandy. Şeýle-de Döwletmyradow Ylham (60 kg-dan ýokary) we Ýazdurdyýew Ýazdurdy (50 kg çenli) bürünç medal gazandylar.
14-15 ýaşly gyzlaryň arasynda 55 kg-dan ýokary agramda Päwiýewa Laçyn birinji ýeri eýeledi, Saparmyadowa Gülnur bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Annamyradowa Gurbanbibi bolsa 45 kg çenli agramda kümüş medal gazandy.
16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda 55 kg çenli agramda türkmen türgenleri ähli baýrakly orunlary eýelemegi başardylar: Akmyrat Omarow - altyn medal gazandy, Daýanç Döwletow kümüş medala eýe boldy, Söýenç Nonykow bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

 


22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....