Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler

  • 04.06.2025 14:13
  • 4.9k+

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Özbegistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Daşkent şäherinde ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekillerinden ybarat bolan toparlaryň gatnaşmagynda dostlukly futbol ýaryşy guraldy.

2-nji iýunda Er-Riýadda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy welosipedli ýörişi gurady. Çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Saud Arabystany Patyşalygynda hemişelik ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýetginjekler we çagalar üçin gysga aralykda, beýleki gatnaşyjylar üçin uzak aralykda welosipedli ýörişler geçirildi.

3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi. Sport çärelerine diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýäniň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýodasynyň ugrunda geçirildi.
Şol  gün Tiblisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda welosipedli ýöriş guraldy. Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinden ybarat boldy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......