Karlsen ilkinji gezek Gukeşden ýeňlip, özüni saklap bilmedi: ýumruk bilen stola urup, dessine çykyp gitdi

  • 04.06.2025 14:34
  • 8.9k+

Magnus Karlsen 19 ýaşly hindi grossmeýsteri Gukeş Dommarajudan ýeňleninden soň duýgularyna erk edip bilmedi. Oýundan soň ol ýumruk bilen stola urdy, metbugat wekilleri bilen gürleşmän, çaltlyk bilen ýaryşyň geçirilýän ýerini terk etdi.

Oýun Norway Chess ýaryşynyň altynjy tapgyrynda boldy. Birinji tapgyrda Karlsen Gukeşi ýeňdi we ikinji partiýanyň aglaba böleginde hem ýeňişli ýagdaýda oýnaýardy. Emma seýtnotda (göçümleri pikirlenip ýetişmezlik üçin wagt ýetmezçiligi) seýrek ýalňyşlyk goýberdi, Gukeş bolsa bu ýalňyşlykdan peýdalanyp bildi.
Bu ýeňiş Gukeşiň Karlsene garşy resmi duşuşyklarda ilkinji üstünligidir.

“Häzir meniň üçin iň möhüm zat – bu partiýada utulmandygym. Ýöne, elbetde, Magnusy islendik ýagdaýda hem ýeňmek – bu aýratyn duýgy” diýip, Dommaraju aýtdy.

The Guardian neşiriniň bellemegine görä, Karlseniň beýle reaksiýasy oňa mahsus däl, sebäbi adatça ol özüni saklap bilýär.
Bu ýeňiş Gukeşe ýaryşyň tablisasynda üçünji orna çykmaga mümkinçilik berdi. Onuň 11,5 utugy bar, Karlseniň – 12, Fabiano Karuananyň – 12,5. Ýaryşda entek dört tapgyr bar.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Dommarajuny gutlap, bu ýeňşi “aýratyn üstünlik” hökmünde suratlandyryp, onuň “zehiniň we ygrarlylygyň” nyşany bolup durýandygyny aýtdy.
Ýatladyp geçsek, 2024-nji ýylyň dekabrynda Gukeş Dommaraju 18 ýaşynda dünýäniň iň ýaş küşt çempiony boldy.

şu gün 15:58
2k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
1.2k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
2.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....