Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy

  • 06.06.2025 15:41
  • 9k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalynda Fransiýany 5:4 hasabynda utdy. Oýun Ştutgartda geçirildi.

Oýnuň dowamynda ispanlar iki gezek hasapda dört gol tapawudy saklady (4:0 we 5:1), ýöne soňky minutlarda has rahatlanyp, fransuzlara tas kambek etmäge mümkinçilik beripdi.
Oýunda hasaby 22-nji minutda Niko Uilýams açdy. Üç minutdan Mikel Merino toparyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Mikel Oýarsabal iki assist etdi. 54-nji minutda Lamin Ýamal bellenilen penaltini ýerine ýetirmegi başardy, 55-nji minutda bolsa Pedri hasaby 4:0 etdi.
Fransiýa 59-njy minutda Kilian Mbappeniň penaltiden girizmegi bilen bir gol gazandy. 67-nji minutda Ýamal ikinji goluny girizdi. 79-njy minutda fransuzlar oýny janlandyryp başlady: howada owadan urgy bilen Raýan Şerki tapawutlandy. 84-nji minutda ispanlaryň goragçysy Dani Wiwian topy öz derwezesine girizdi. Ahyrky 5:4 hasaby 94-nji minutda Randal Kolo-Muani kesgitledi.
Şeýlelikde, Ispaniýanyň milli ýygyndysy yzygider üçünji gezek ýaryşyň finalyna çykdy. 2022/2023 möwsüminde ispanlar ýarym finalda Italiýany (2:1), finalda bolsa penalti boýunça Horwatiýany (0:0, penalti 5:4) utupdy. 2020/2021 möwsüminde hem olar Italiýany utdy (2:1), ýöne finalda Fransiýadan utuldy (1:2).
2024/2025 möwsüminiň Milletler ligasynyň finaly 9-njy iýuna geçilýän gije bolar. Ispaniýanyň milli ýygyndysy Portugaliýanyň topary bilen duşuşar. Ondan birnäçe sagat öň ýaryşyň bürünç medalynyň eýesi kesgitlener – üçünji ýer üçin oýunda Germaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary oýnar.


düýn 23:46
2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.3k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......