IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi

  • 05.06.2025 10:14
  • 11k+

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli. Eger top derwezä girmese, bu ýagdaýda garşydaşyň peýdasyna erkin urgy bellenilýär. Oýundan soňky penalti tapgyrynda bolsa şeýle urgy geçirip bilmedik diýlip hasaplanar.
Täze düzgünler 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer. Ýöne ony bu seneden öň hem ulanmaga rugsat berilýär.
Ozal şeýle ýagdaý Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda bolup geçdi. Madridiň “Realy” bilen “Atletikonyň” arasynda bolan penalti tapgyrynda wideo gözden geçirilenden soň, emin Hulian Alwaresiň goluny topa iki gezek galtaşandygy üçin hasap etmedi. Netijede, “Real” indiki tapgyra çykdy.
Şu ýagdaýdan soň UEFA penalti bilen bagly düzgünleri üýtgetmegi ara alyp maslahatlaşmakçydygyny aýtdy.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......