“Maklareniň” sürüjisi Piastri Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 02.06.2025 08:07
  • 1.8k+

“Maklareniň” awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjysy Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Barselonada geçirildi.

Ikinji bolup pellehana Piastriniň topardaşy britaniýaly Lando Norris geldi. Ol ýeňijiden 2,471 sekunt yza galdy. Üçünji orny “Ferrariden” Şarl Lekler (+10,455) eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Jorj Rassell (“Mersedes”); 5. Niko Hýulkenberg (“Zauber”); 6. Lýuis Hemilton (“Ferrari”); 7. Izak Hajar (“Reýsing Bulls”); 8. Pýer Gasli (“Alpin”); 9. Fernando Alonso (“Aston Martin”); 10. Maks Werstappen (“Red Bull”).

Ýaryşyň ahyrynda pellehana baýdagyny “Barselona” futbol klubunyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski galgatdy.
Werstappen pellehana çyzygyny bäşinji bolup geçdi, ýöne soň Rasseliň ulagy bilen çaknyşygyň sebäbi bolandygy üçin 10 sekunt jerime aldy.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry – Kanadanyň Gran-prisi 13-15-nji iýunda Monrealda geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.3k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......