“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy

  • 10.06.2025 15:35
  • 7.2k+

Milanyň “Inter” futbol kluby Kristian Kiwuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşly rumyniýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Kiwu “Interde” goragçy hökmünde 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli çykyş etdi. Oýun karýerasyny tamamlandan soň, klubuň ulgamynda tälimçi bolup işe başlady. Soňra klubuň ýaşlar toparyna ýolbaşçylyk etdi.
2025-nji ýylyň fewral aýyndan iýun aýyna çenli Kiwu Italiýanyň “Parma” klubuna tälimçi boldy. Indi ol baş tälimçi hökmünde Milan klubuna gaýdyp gelýär.
Bu wezipede Kiwu Simone Indzagini çalyşdy. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda “Inter” iki gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy. Indi Indzagi karýerasyny “Al-Hilýal” saud klubunda dowam etdirer.


şu gün 15:58
6.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......