New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy

  • 10.06.2025 13:06
  • 3.9k+

New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi. Hatara Coco Delray we Coco CG2 modelleri girdi. Olaryň ikisi-de ak-ýaşyl reňk gammasynda ýerine ýetirildi.
Coco CG2 modeli Kori Gauffyň ýaryş aýakgabydyr. Ol ony 2025-nji ýylda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň tutuş dowamynda geýdi. Ol 7-nji iýunda ýaryşyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenkony utup, “Rolan Garrosyň” ýeňijisi boldy. Gauff soňky on ýylda bu abraýly ýaryşda titul alan ilkinji amerikaly tennisçi boldy.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....