Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy

  • 06.06.2025 09:30
  • 11k+

Italiýaly hünärmen Simone Indzagi Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

49 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder. Bellenilişi ýaly, Indzagi eýýäm topary 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatyna taýýarlap başlady.
KHBS hünärmeniň täze wezipede ýylda 25 mln ýewro aljakdygyny, şeýle-de 4-5 mln ýewro möçberinde goşmaça bonusyň göz öňünde tutulandygyny habar berýär. Transfermart-yň maglumatlaryna görä, bu görkeziji babatda ondan öňde diňe Madridiň "Atletikosynyň" tälimçisi Diego Simeone ýerleşýär (ýylda 34 mln ýewro).
Mundan öň, Indzagi “Intere” ýolbaşçylyk etdi. Ol kluby Çempionlar ligasynyň final oýnunda “PSŽ-den” 5:0 hasabynda utulandan soň terk etdi.
Hünärmen Milan kluby bilen bilelikde Seriýa A-nyň çempiony (2023/24) boldy, Italiýanyň iki Kubogyny (2021/22, 2022/23) we üç Superkubogyny (2021, 2022, 2023) aldy. Şeýle-de, topary iki gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykardy.
Indzagi Rimiň “Lasio” klubunyň hem baş tälimçisi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar Italiýanyň Kubogyny (2018/19) we iki Superkubogyny (2017, 2019) gazandy.   


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......