Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 09.06.2025 11:13
  • 12k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýanyň toparyny utup, ýaryşda iki gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy.

Mýunhende geçirilen final oýnunyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy.
Ispaniýalylar iki gezek öňe çykdy. 21-nji minutda Martin Subimendi gol girizdi, ýöne bäş minutdan Nunu Mendeş hasaby deňledi. 45-nji minutda Mikel Oýarsabal Ispaniýany ýene öňe çykardy. Portugaliýa 61-nji minutda Kriştianu Ronaldunyň goly bilen jogap berdi.
Goşmaça wagt golsuz geçdi. Oýundan soňky penalti tapgyrynda portugaliýalylar has takyk boldy – 5:3.
Bu Portugaliýanyň Milletler ligasynda ikinji ýeňşi boldy. Birinji gezek topar ýaryşda 2019-njy ýylda ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylda ýeňiji bolupdy.
Milletler ligasy UEFA tarapyndan milli toparlaryň resmi duşuşyklarda deň derejeli garşydaşlar bilen oýnap bilmegi üçin, ýoldaşlyk oýunlaryna derek döredildi.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....