“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy

  • 29.05.2025 12:16
  • 6.4k+

Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýunda hasaby ilkinji bolup ispan toparynyň oýunçylary açdy – 9-njy minutda Abde Ezzalzuli Iskodan gelen topy aşaky sag burça iberdi. Manuel Pellegrininiň topary birinji ýarymyň dowamynda agdyklyk edip, artykmaçlygy artdyrmaga birnäçe gowy mümkinçilik gazandy. Ýöne arakesmeden soň “Çelsi” basyşy güýçlendirip, oýnuň gidişini üýtgetdi. Enso Mareskiniň topary 65-nji minutda hasaby deňledi – Enso Fernandes topy derwezä kelle bilen girizdi. Ýene bäş minutdan Nikolas Jekson topary öňe çykardy. 83-nji minutda Jeýdon Sanço topy ýokarky burça iberip, tapawudy artdyrdy. Goşmaça wagtda Moýzel Kaýsedo jerime çyzygyndan takyk urgusy bilen oýunda ýeňiş nokadyny goýdy.
“Çelsi” üç ýewrokubogyň ählisini utan ýeke-täk klub boldy – ozal ol iki gezek Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanypdy.
Şeýle-de, London kluby halkara ýaryşlarynyň finalynda ispan toparlarynyň 23 ýyl bäri dowam edip gelýän ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdi. Mundan öň ispaniýalylaryň FIFA-nyň ýa-da UEFA-nyň howandarlygyndaky finalda soňky ýeňlişi 2000/2001 möwsüminiň oýunlary bolupdy, şol wagt “Bawariýa” penalti tapgyrynda “Walensiýany” utdy, “Liwerpul” bolsa UEFA-nyň Kubogynyň finalynda “Alawesden” üstün çykdy.
Şondan bäri ispan klublary we milli ýygyndy dünýä çempionatynda, üç gezek Ýewropa çempionatynda, 11 gezek Çempionlar ligasynda we 12 gezek Ýewropa ligasynda utup, 27 kubok gazandy. 27 finalyň 10-usynda iňlis toparlary utuldy.
Konferensiýalar ligasy taryhda dördünji gezek geçirilýär we Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy hasaplanýar.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......