Smartfonlaryň ortaça bahasy ilkinji gezek 400 dollardan geçdi
2025-nji ýylyň ahyrynda dünýäniň smartfon bazary täze enjamlaryň ortaça bahasy boýunça ilkinji gezek 400 dollar görkezijisinden geçdi. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri habar berýär. Satuwyň mukdar taýdan ösüşi bary-ýogy 4% bolan hem bolsa, öndürijileriň umumy girdejisi rekord 135 mlrd dollara ýetdi...