Tesla iň täze Optimus Gen 2 gumanid robotyny görkezdi. Ol tans edip, aşhana işlerini edip bilýär

  • 14.12.2023 16:52
  • 9.1k+

Tesla adamlara kömek etmek üçin dürli wezipeleri ýerine ýetirip biljek gumanid robotynyň indiki nesli bolan Optimus Gen 2-ni hödürledi.

Tesla adam zähmetiniň ornuny tutup, köp taraply bolup biljek gumanoid robot döretmek isleýär, ýöne köpler munuň gysga möhletde amala aşyryp boljakdygyna şübhelenýärler. Tesla pilotsyz awtoulag programmasynda emeli aň mümkinçiliklerini hem-de akkumulýatorlarynda we elektrik hereketlendirijilerinde toplanan tejribesini ulanmak arkaly mümkindir diýip hasaplaýar. Kompaniýa awtoulaglarynyň eýýäm tigirli robotlardygyny öňe sürdi. Indi edilmeli iş, käbir meselelerde adamlary çalşyp biler ýaly, olara gumanoid görnüşini bermek.
Tesla ozal Optimus-yň nerw ulgamlaryny ulanyp, hemmetaraplaýyn tälim alýandygyny we obýektleri özbaşdak tertiplemek ýaly täze wezipeleri ýerine ýetirip biljekdigini aýdypdy.
Robotyň täze wersiýasy indi Tesla tarapyndan işlenip düzülen ähli hereketlendirijiler we datçikler bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa täze wersiýanyň indi 30% has çalt ýöräp biljekdigini öňe sürdi. Şeýle hem kompaniýa, balansy gowulaşdyrmak bilen 10 kg agramyň azalandygyny mälim edýär. Wideo görkezilişinde Optimus Gen 2-niň deňagramlylygyny saklap, çommalýandygy görünýär.
Gumanoid robotyň iň kyn böleklerinden biri gollardyr. Olar esli ýüki götermek üçin ýeterlik derejede güýçli bolmaly, şol bir wagtyň özünde näzik zatlary galdyrmak, tutmak, ýerinde goýmak  üçin ýeterlik takyk bolmaly.
Kompaniýa ýakyn wagtda roboty öz önümçilik amallarynda ulanyp başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Robotyň peýdalydygyny subut edensoň, Tesla ony satyp başlamagy meýilleşdirýär.


düýn 23:26
1.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....