Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

  • 27.11.2025 10:26
  • 1.7k+

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy. Olar ony BIPORES diýip atlandyrdy diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Bu dokuma polietilenglikol diýlip atlandyrylýan himiki polimerden taýýarlandy. Ol teflona meňzeş: öýjükler, adatça, onda saklanmaýar, şonuň üçin olary beloklaryň kömegi bilen “ýelimlemeli” bolýar. Ýöne bu gezek belok gerek bolmady, çünki materialyň aýratyn gurluşy: ýumşak gel bölejikleri we eýerpisint içki ýüzi bolan deşik-deşik karkasyň netijesinde onda öýjükleriň özi saklandy. Karkas goşmaça kremniý bölejikleri bilen berkidildi.
Alymlar mikrosuwuklyklaryň we bioprinteriň kömegi bilen biri-biri bilen baglanyşykly deşikler bilen üç ölçegli karkasy döretdi. Bu deşikler iýmitlik maddalarynyň öýjüklere ýetmegi, galyndylaryň bolsa çykmagy üçin gerek. Nerw sütün öýjükleri bilen geçirilen tejribeler olaryň beýni dokumasyndaky ýaly gowy berkidilýändigini, ösýändigini we funksional baglanyşyklary emele getirýändigini görkezdi.
Awtorlaryň aýtmagyna görä, şeýle durnukly emeli dokuma beýni öýjüklerini uzak wagtlap öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzir karkasyň ölçegi 2 mm töweregi, ýöne alymlar ony ulaltmagy meýilleşdirýär. Munuň bilen bir hatarda bu tehnologiýa bagyr dokumasyny döretmek üçin ulanylýar.
Geljekde alymlar hakyky organlar ýaly signal alşyp biljek “mini-organlar” ulgamyny döretmek isleýär. Bu dermanlary barlamaga we bir organdaky keseliň beýlekilere nähili täsir edýändigini öwrenmäge, şeýle-de nerw dokumasyny dikeltmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga kömek eder. 


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....