Google emeli aňa esaslanýan Gemini çat-botuny hödürledi

  • 08.12.2023 12:25
  • 3.9k+

Google kompaniýasy emeli aňyň esasyndaky ChatGPT-niň esasy bäsdeşi bolup biljek Gemini çat-botuny hödürledi. Bu barada TASS habar berýär.

“Gemini – bu Google toparynyň, şol sanda Google Research-den kärdeşlerimiziň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi. Ol tekst, kod, audio, şekiller we wideo ýaly dürli görnüşli maglumatlary umumylaşdyryp, aňsatlyk bilen düşünip, işläp we kombinirläp bilýär” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.

Gemini 170-den gowrak ýurtda iňlis dilinde elýeterli bolar.
Google fewral aýynda Microsoft korporasiýasyndan şuňa meňzeş ChatGPT botunyň meşhurlygynyň artmagy esasynda emeli aňa esaslanýan Bard çat-botuny hödürläpdi. Programmalar adamlaryň aragatnaşygyna öýkünip, ulanyjy bilen söhbetdeşligi saklamaga ukyplydyr.
OpenAI 2022-nji ýylda ulanyjylar bilen gepleşik režiminde aragatnaşyk saklaýan ChatGPT hyzmatyny hödürledi. Çat-bot anyklaşdyryjy soraglara jogap berip, öz ýalňyşlaryny boýun alyp, ýerliksiz soraglary ret edip biler. Hyzmatyň mümkinçilikleri giň köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň beýleki tehnologiýa kompaniýalary hem şuňa meňzeş programmalary işläp düzmäge başlady.


05.06.2026 19:21
5.3k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

02.06.2026 07:43
1.4k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....