Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy 2024-nji ýylda 11 hassa beýni implantyny oturdar

  • 11.11.2023 15:42
  • 19k+

2016-njy ýylda Ilon Mask we alymlar topary tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy diňe bir mümkinçiligi çäkli adamlaryň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk etmek ukybyny bölekleýin dikeltmän, eýsem ysmaz bolanlary aýaga galdyryp biljek beýni implantlaryny döretmegi maksat edindi. Adamlarda synagdan geçirmäge rugsat almak bilen, Neuralink eýýäm geljek ýyl 11 hassany operasiýa etmekçi bolýar diýip, 3dnews.ru belleýär.

Bloomberg agentliginiň materialynda bellenilişi ýaly, Ilon Mask Neuralink implantlarynyň adamlardaky kliniki synaglaryna rugsat bermek işini çaltlaşdyrmagy başardy, sebäbi adaty tertip ilkinji hassanyň üstünlikli operasiýadan soň hünärmenleriň elinde bir ýyl gözegçilikde bolmagyny we diňe şondan soň kompaniýa indiki operasiýalary geçirmäge rugsat berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, FDA agentligi Neuralink kompaniýasyna implantlary birbada 11 hassada synagdan geçirmäge rugsat berdi we olar eýýäm geljek ýyl operasiýa ediler.
Kompaniýa her bir operasiýanyň bahasyny 10 500 dollar bilen bahalandyrýar, ýöne ätiýaçlandyryş kompaniýalary her bir hassa üçin 40 000 dollar tölemeli bolarlar. Startapa eýýäm müňlerçe hassa ýüz tutdy, ýöne indiki ýyla çenli synagyň ilkinji tapgyry üçin 11 meýletinçi saýlanar. Bellenilişi ýaly, tejribä gatnaşyjylaryň her biri 40 ýaşdan kiçi hem-de el we aýak ysmazyndan ejir çekýän bolmaly.
2025-nji ýylda kompaniýa adamlara 27 implant oturtmagy, 2026-njy ýylda ýene 79 hassada operasiýa geçirmegi, 2027-nji ýylda 499 operasiýa, 2030-njy ýyla çenli bolsa her ýyl 22 204 operasiýa geçirmegi meýilleşdirýär. Bäş ýyldan kompaniýa operasiýalardan ýylda 100 mln dollar möçberde girdeji almagy göz öňünde tutýar. Öz işläp düzen robotyndan başga-da, Neuralink ýarym geçiriji komponentleri özbaşdak işläp düzýär we taýýarlaýar. Implant iş wagty gyzmaly däldir ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen hassany biynjalyk etmeli däldir, şonuň üçin bu tapgyrda komponentleriň köpüsini kompaniýa öz güýji bilen işläp düzýär we öndürýär.
2021-nji ýylda, takmynan, 12 hirurgiýa roboty 155 haýwana çip oturtdy, geçen ýyl operasiýalaryň sany 294-e ýetdi.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.7k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5.1k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......