Ses we yşarat arkaly aýdymyň owazyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän emeli aň döredildi

  • 10.11.2023 21:26
  • 3.7k+

Russiýanyň we Germaniýanyň alymlary nusgawy saz eserlerine “dirižýorlyk etmäge” – yşaratlar, mimikasy we ses arkaly olaryň owazyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän neýro ulgam döretdiler.

Ulgamda peýdalanylan model notalary bellige alýar we notanyň lokal tempi, ýerleşýän ýeri, dowamlylygy we sesiniň belentligi ýaly ýerine ýetiriş aýratynlyklaryny çaklap, çalmagy öwrenýär. Awtorlaryň belleýşi ýaly, olaryň döreden algoritmi saz gurallaryny çalmak ukyby bolmadyk adama ol ýa-da beýleki nusgawy sazyň nähirli ýerine ýetirilýändigine täsir etmäge mümkinçilik berýär. Ýagny neýro ulgam awtoryň görkezmelerini göz öňünde tutup, saz eserini döredýär. Şunda diňleýji dirižýor hökmünde çykyş edýär, onuň yşaratlary, mimikasy we sesi çylşyrymly eserleri ýerine ýetirýän “onlarça sazandanyň” işine gözegçilik edýär.
Şeýle hem alymlar aýdym-saz çykyşlaryna hakyky wagt birliginde dirižýorlyk etmäge we emeli intellekt ulgamlary bilen bilelikde, nusgawy eserlere özboluşly owaz bermäge mümkinçilik berýän ykjam goşundyny döretdiler. Alymlar bu goşundyny, şeýle hem smartfonyň kamerasyny we mikrofonyny ulanyp, Şopeniň mazurkalaryny (polýak milli tans sazy) hüwdä öwürmegi başardylar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......