Ýürek ýetmezçiligini anyklamak üçin ykjam goşundy döredildi

  • 16.11.2023 08:05
  • 10k+

Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň gözlegçileri ulanyjynyň sesiniň esasynda ýürek ýetmezçiligini anyklaýan HearO ykjam goşundysyny döretdiler. Bu barada Daily Mail neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Ýürek ýetmezçiligi – bu ýürek myşsasynyň organlara we dokumalara zerur mukdarda gan we kislorod berip bilmezligi. Şeýle ýagdaýa gipertoniýa, infarkt, ýürek şikesiniň bolmagy sebäp bolup biler. Ýürek ýetmezçiligini anyklamak ýeterlik derejede kyndyr – aýdyň alamatlar diňe adam hassahana ýerleşdirilmezinden ýa-da onuň ýüreginiň durmazyndan birnäçe gün öň ýüze çykyp biler.
Emeli aňa esaslanýan HearO goşundysy ulanyjylaryň sesinde ýürek ýetmezçiliginiň alamaty bolan öýkeniň kardiogen çişmesini görkezip biljek sähel bildirýän üýtgemeleri tutýar. Öýkeniň birleşdiriji dokumasynda suwuklygyň ýygnanmagy dema alşyň gowşamagyna we ses organlarynyň çişmegine getirýär, şol sebäpli ses boguk görnüşde bolýar.
Emeli aň ulgamy çaklama algoritmini işläp düzmek üçin 250 müňden gowrak ses ýazgysyny seljerdi. Goşundy eýýäm ýürek ýetmezçiligi bolan 416 meýletinçide synagdan geçirildi. Programma bu ýagdaýyň alamatlarynyň güýçlenme hadysalarynyň, takmynan, 76%-ini ýüze çykardy. Alymlar bu goşundynyň deslapky diagnoz usuly hökmünde ýaýramagyna umyt bildirýärler.


düýn 23:26
1.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....