2028-nji ýyla çenli sypjyryklary “täzeden dikeltmek” funksiýasy bolan smartfonlar peýda bolar

  • 14.10.2023 15:57
  • 6.6k+

Geljek bäş ýylyň dowamynda bazarda ýeten zeperi özbaşdak düzedip biljek displeýli smartfonlar peýda bolar. Bu barada CCS Insight kompaniýasynyň analitiklerine salgylanyp, CNBC ýazýar.

Hünärmenler tehnologiýa trendleri baradaky hasabatda täze görnüşli ekranlaryň plýonka ýaly çyzyklary we beýleki kemçilikleri bitirmäge ukyply bolan nano-örtük bilen üpjün ediljekdigini nygtaýarlar.
Täze nesliň smartfonlarynyň üstünlik gazanmagynyň esasy faktory sarp edijiler tarapyndan “garaşmalary dogry kesgitlemekdir”. Analitikleriň çaklamalary boýunça, 2028-nji ýyla çenli şeýle ekranlar adaty ýagdaý bolar. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň aýdyşy ýaly, döwlen ekranyň öz-özünden dikelmegine garaşmaly däldir. Täze işläp taýýarlama diňe ýüzleý çyzyklary düzedip biler.
CNBC-niň belleýşi ýaly, öz-özünden dikelmäge ukyply displeýleri döretmek ideýasy täze däl. 2013-nji ýylda LG korpusyň yzky böleginde öz-özünden dikelýän örtük bolan G Flex smartfonyny hödürledi. Ýöne kompaniýa bu tehnologiýanyň işleýşi barada jikme-jik maglumat bermedi.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....