Google Chrome brauzerine emeli aň ulgamyny girizer

  • 11.12.2023 13:59
  • 2.9k+

«Google» kompaniýasy «Chrome» brauzerine «Compose» funksiýasyny girizmegi meýilleşdirýär, bu ulgam emeli aň arkaly ulanyjynyň islegi boýunça tekst döredýär. 9to5mac portalynyň habar bermegine görä, «Chromium Gerrit» trekerindäki kod üýtgemeleri muny tassyklaýar.

«Compose» funksiýasy ulanyjylara dürli maksatly tekst kontentini, şol sanda sosial ulgamdaky ýazgylary we elektron hatlary döretmäge kömek eder. Täzelik ulanyjylara web-formalarynyň tekst meýdanlarynda işjeňleşdirilýän, açylan interaktiw awtomatiki doldurmak (awtozapolneniýa) penjiresi arkaly tekst ýazylanda kömek berer.
Mundan başga-da, emeli aň ulanyjynyň işiniň manysyna has takyk düşünmek üçin web sahypasynyň mazmunyny seljerip biler. Teklip edilýän tehnologiýa ulanyja birnäçe ýazgy stilini, şeýle hem bar bolan teksti üýtgetmek ýa-da gysgaltmak mümkinçiligini hödürläp biler.
Şuňa meňzeş hyzmat «Gmail», «Google Keep» we «Messages» ýaly hyzmatlarda eýýäm durmuşa geçirildi. Olarda bu funksiýa «Smart Compose» ady bilen bellidir.


düýn 16:10
2.3k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
936

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....