Google we Samsung-yň täze akylly äýnegi teksti terjime edýär, ugry we howany görkezýär

  • 28.05.2025 12:08
  • 3.4k+

Google I/O konferensiýasynda Google we Samsung kompaniýalary Android XR platformasyna esaslanýan akylly äýnegiň prototipini görkezdi. Ol adaty äýnege meňzeýär, ýöne onuň sapy ýogyn bolup, onda görüş meýdanyny ýapmazdan maglumatlary görkezmek üçin tehnologiýa gizlenýär. 

Linzalara maglumaty kiçiräk penjire görnüşinde görkezýän ekran gurnaldy. Işjeň däl ýagdaýda wagt we howa görünýär. Görkeziş wagty kameranyň kämilleşdirilen interfeýsi görkezildi: suratlar gönüden-göni ekranda ulaldylýar. Şeýle-de, jaň, habar we hakyky wagtda tekst terjimesi ýaly funksiýalar bar.
Esasy funksiýa nawigasiýa ugrukdyrmalary boldy. Ekranda ugur, öwrüme çenli aralyk we köçäniň ady görkezilýär. Kelläniň hereketine görä karta hem öwrülýär. Ýapyk binada şekiliň hili ýokary, ýöne köçede synaglar heniz geçirilmedi.
Äýnek Android XR platformasynda işleýär we Gemini kömekçisini ulanýar. Ol howa çaklamasyna ses berýär, şekili tanaýar, kitaplar we dükanlar barada maglumat tapýar. Soraglara ses arkaly jogap berilýär, ekran bolsa maglumatlary çalt kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Google ýylyň ahyryna çenli bu platformany işläp düzüjiler üçin elýeterli eder. Samsung hem Android XR-iň esasynda AR şlemi Project Moohan-y anons etdi.
Şeýle gurluşlaryň bazaryna öz akylly äýnekleri bilen Warby Parker, X-Real we Gentle Monster brendleri hem goşular diýlip garaşylýar. Google bilen Samsung-yň prototipi Meta-nyň we Apple-iň AR gurluşlaryna bäsdeş bolup biler.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 07:51
2.1k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.6k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......