Google delfinler bilen aragatnaşyk gurmagyň tehnologiýasyny hödürledi

  • 18.04.2025 00:40
  • 2.4k+

Google kompaniýasy adamlara real wagtda delfinleriň signallaryna düşünmäge we olaryň sesini gaýtalamaga mümkinçilik berýän DolphinGemma tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Tehnologiýa emeli aňa esaslanyp, Gemini ulgamyndaky ýaly uly dil modelini (LLM) ulanýar. Modeliň ululygy, takmynan, 400 mln parametre barabar. Ol audio signallary kabul edýär, olary seljerýär we indiki bolup biljek sesi çaklaýar. Soňra signal modifisirlenen Google Pixel smartfonlaryna birikdirilen ýörite CHAT gurluşy arkaly goýberilýär.
Modeli okatmak üçin material Ýabany delfinleri öwrenmek taslamasynyň (WDP) çäklerinde ýygnaldy. Alymlar ençeme ýyllap Bagama adalaryndaky atlantik delfinleriniň toparyna syn etdi, olaryň özüni alyp barşyny we sesini ýazdy: birek-birege ideg etmekden we dawa-jenjelden başlap, ada meňzeş signallara çenli.
Ozal ylmy gözlegçiler delfinler adamlar bilen aragatnaşyk gurup bilýär diýip çak edýärdi, ýöne olaryň signallaryna dogry düşünip biljek tehnologiýa ýokdy. DolphinGemma-nyň peýda bolmagy bilen görnüşleriň arasyndaky söhbet üçin esas bolup biljek ýönekeý ses “sözlügini” döretmek başartdy.
Tejribäniň birinji tapgyrynda alymlar delfinlere bellibir signallary gowy görýän predmetleri bilen baglanyşdyrmagy öwretmegi meýilleşdirýär. Geljekde olar delfinleriň aragatnaşyk saklamak we haýyşlar üçin emeli sesleri ulanyp başlamagyna umyt bildirýär.
Doly derejeli söhbet heniz uzakda bolsa-da, täze tehnologiýa delfinleriň aragatnaşyk üçin sesleri nädip ulanýandygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.


28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......