LG çeýe ekrany bolan noutbuk çykardy

  • 28.09.2023 15:35
  • 11k+

Koreýanyň LG kompaniýasy çeýe ekranly ilkinji gibrid noutbugyny satyp başlady. Bu barada Android Authority habar berýär.

Gram Fold enjamy 2560x1920 piksel durulykda 17 dýuýmlyk OLED ekrany aldy, ol eplenende 12 dýuým diagonally ekrana öwrülýär. Goýberilen kompýuter eplenen ýagdaýyndaka ekranyň ikinji ýarymynda wirtual klawiaturany hem görkezip biler. Şol bir wagtyň özünde sarp edijileriň fiziki Bluetooth-klawiaturany noutbuga birikdirip biljekdigini LG-de bellediler.
Kompaniýa enjamyň noutbuk, daşarky monitor ýa-da planşet hökmünde ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Gram Fold stilus bilen işlemegi goldaýar, çeýe ekranyň 30 müň epini bar. Ýazylgy ýagdaýda enjamyň galyňlygy 9,4 millimetr, noutbugyň agramy 1,25 kilogram.
LG Gram Fold Intel Core i5-1335U prosessorynyň 13-nji neslini, Iris Xe grafiki tizlendirijini, 16 gigabaýt RAM-y, 512 gigabaýtlyk NVMe gaty berk diski, üç stereodinamikany, Bluetooth 5.1, Wi-Fi 6E-ni we iki USB-C porty aldy. Kompýuteriň bahasy 4,99 million won boldy.


düýn 11:34
2.8k+

Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»

LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar...

02.01.2026 11:21
2k+

LG CES 2026-da öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen CLOiD robotyny görkezer

LG CLOiD roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa bu roboty 6-9-njy ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES 2026 halkara sergisinde tanyşdyrar. CLOiD LG-niň hojalyk robototehnikasyny ösdürmekdäki täze tapgyryny alamatlandyrýar...

23.04.2025 00:32
2.7k+

LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer

LG kompaniýasy ulanyjylaryň emosiýalaryny we pikirlerini seljerýän ZenVision emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüji Zenapse bilen şertnama baglaşdy. Tehnologiýa bütin dünýäde 200 mln LG telewizoryna, şol sanda ABŞ-da öý hojalyklarynyň 35%-ine ornaşdyrylar...

13.11.2024 13:42
11k+

LG dünýäde ilkinji süýnýän displeýi hödürledi

Günorta Koreýanyň LG Display kompaniýasy dünýäde ilkinji süýnýän paneliň çykarylandygyny habar berdi. Çeýe displeý asyl ululygyndan 50% -e çenli ulalyp biler diýip, PR Newswire habar berýär. Displeý süýndirilen...