LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer

  • 23.04.2025 00:32
  • 2.7k+

LG kompaniýasy ulanyjylaryň emosiýalaryny we pikirlerini seljerýän ZenVision emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüji Zenapse bilen şertnama baglaşdy. Tehnologiýa bütin dünýäde 200 mln LG telewizoryna, şol sanda ABŞ-da öý hojalyklarynyň 35%-ine ornaşdyrylar.

webOS operasion ulgamyna gurnalan ZenVision ulanyjynyň nämäni görýändigini we onuň nähili reaksiýa bildirýändigini öwrenip, onuň psihologiki profilini döredýär. Ýaşyna ýa-da ýerleşýän ýerine esaslanýan mahabatdan tapawutlylykda, täze ulgam mahabat üçin tomaşaçynyň gymmatlyklaryny, pikirlerini we emosiýalaryny ulanýar.
Ulgam awtomatik mazmun anyklaýyş tehnologiýasynyň (ACR) kömegi bilen filmleriň we şüweleňleriň sýužetini, şeýle-de tomaşaçynyň özüni alyp barşyny seljerýär. ZenVision ulanyjylary telewizora tomaşa edişi boýunça topara jemläp, olary dürli kategoriýalara bölýär. Bu hem mahabat berijilere LG telewizorlarynyň baş ekranlarynda, mugt kanallarda we beýleki webOS bölümlerinde hut bu tomaşaça has laýyk gelýän mahabaty görkezmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, LG bu tehnologiýany täze programma üpjünçiligini we önümleri döretmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.
ABŞ-da birikdirilen telewideniýede (CTV) mahabat bazary 2023-nji ýyldaky 24,6 mlrd dollardan 2027-nji ýyla çenli 40 mlrd dollara ýeter. Ýöne tehnologiýa şahsy maglumatlary seljerýändigi sebäpli, gizlinlik barada mesele döredýär. Hünärmenler bu barada biynjalyk bolýan adamlara maglumatyň ýygnalmagyny çäklendirmek üçin telewizoryň sazlamalarynda ACR funksiýasyny öçürmegi maslahat berýär.


düýn 11:34
2.8k+

Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»

LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar...

02.01.2026 11:21
2k+

LG CES 2026-da öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen CLOiD robotyny görkezer

LG CLOiD roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa bu roboty 6-9-njy ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES 2026 halkara sergisinde tanyşdyrar. CLOiD LG-niň hojalyk robototehnikasyny ösdürmekdäki täze tapgyryny alamatlandyrýar...

13.11.2024 13:42
11k+

LG dünýäde ilkinji süýnýän displeýi hödürledi

Günorta Koreýanyň LG Display kompaniýasy dünýäde ilkinji süýnýän paneliň çykarylandygyny habar berdi. Çeýe displeý asyl ululygyndan 50% -e çenli ulalyp biler diýip, PR Newswire habar berýär. Displeý süýndirilen...

10.09.2024 11:27
7.3k+

LG içine ekran oturdylan eşikleri hödürledi: dizaýny üýtgedip bolýar

LG kompaniýasy Seuldaky moda hepdeliginde Stretchable displeýleriniň täze görnüşini hödürledi. Bu displeýler 100ppi durulygy saklamak we doly reňk spektrini bermek bilen süýnüp, eplenip we towlanyp bilýär. Hi-Tech...