Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»

  • 30.01.2026 11:34
  • 3.9k+

LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar.
Enjamlaryň başlangyç bahasy 4,82 million wona (takmynan 3 355 dollara) barabar.
Çyglylyk bilen göreşmek üçin temperaturany peseldýän adaty ulgamlardan tapawutlylykda, täze modeller howany goşmaça işläp taýýarlamak üçin gurnalan ýylylyk çalşygy ulanýarlar. Bu bolsa bellenilen temperatura düzgünini saklamak we oňaýly gurşaw döretmek bilen, otagyň çyglylygyny kadaly ýagdaýda saklamaga şert döredýär.
Bu seriýanyň intellektual mümkinçilikleri «AI airflow» funksiýasy arkaly has-da giňeldildi. Radar datçigi adamlaryň duran ýerini we otagyň gurluşyny «gözden geçirip», howa akymynyň ugruny şoňa görä sazlaýar. Otag boş wagty ulgam awtomatik ýagdaýda energiýany tygşytlaýyş tertibine geçýär.
Mundan başga-da, ulanyjynyň dynç alýan we uklaýan wagtyndaky ýagdaýyna uýgunlaşýan hem-de galmagalyň derejesini iň pes derejä düşürýän «AI sleep» funksiýasy hem göz öňünde tutulypdyr. Mundan ötri, enjamyň işleýşini dilden hem dolandyryp bolýar – ol aýdylýan tabşyryklara düşünýär.

 


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....