LG CES 2026-da öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen CLOiD robotyny görkezer

  • 02.01.2026 11:21
  • 2.1k+

LG CLOiD roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa bu roboty 6-9-njy ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES 2026 halkara sergisinde tanyşdyrar.

CLOiD LG-niň hojalyk robototehnikasyny ösdürmekdäki täze tapgyryny alamatlandyrýar. Dürli öý işlerini ýerine ýetirmek üçin döredilen bu enjam gündelik durmuşy has amatly edip, akylly öýi dolandyrmagy ýeňilleşdirer diýlip garaşylýar.
Kompaniýa CLOiD-i şahsy öý kömekçisi hökmünde görkezýär we ol "Zähmet talap etmeýän öý, ýokary hilli wagt" diýen konsepsiýany özünde jemleýär. Robotyň gündelik hojalyk hysyrdylarynyň bir bölegini öz üstüne almagyna garaşylýar, bu bolsa ulanyjylara dynç almaga we birek-birek bilen aragatnaşyk saklamaga has köp wagt tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, bu taslama LG-niň akylly tehnologiýalar arkaly öý işleriniň möçberini azaltmak baradaky uzak möhletli maksadyna laýyk gelýär.
Robot ykjam ölçeglerde bolup, häzirki zaman öýleri üçin niýetlenendir. Ol her birinde ýedi erkinlik derejesi bolan iki sany manipulýator (el) we her elinde bäş sany hereketli barmak bilen enjamlaşdyrylan. Bu bolsa oňa takyk we kämil hereketleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Korpusynyň ýokarky böleginde hasaplaýyş moduly, ekran, kamera, dinamikler we sensorlar ýerleşdirilen. CLOiD emeli aň tehnologiýasyny ulanyp, daş-töweregini seljerýär, sesli aragatnaşyk saklaýar we wagtyň geçmegi bilen eýesiniň endiklerine uýgunlaşýar.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
945

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......