LG dünýäde ilkinji süýnýän displeýi hödürledi

  • 13.11.2024 13:42
  • 11k+

Günorta Koreýanyň LG Display kompaniýasy dünýäde ilkinji süýnýän paneliň çykarylandygyny habar berdi. Çeýe displeý asyl ululygyndan 50% -e çenli ulalyp biler diýip, PR Newswire habar berýär.

Displeý süýndirilen ýagdaýynda hem şekiliň hilini ýokary derejede saklaýar, bu bolsa çeýe elektronika üçin täze mümkinçilikleri açýar. Täze displeý şunuň ýaly  ösen tehnologiýany işläp taýýarlamaga  gatnaşýan senagat bilermenleri we alymlar bilen geçirilen duşuşykda görkezildi.
Süýnýän displeýleriň döredilmegi hakyky tehnologiki açyş hasaplanýar, çünki şeýle paneller şekilini üýtgedip, süýnüp, eplenip we towlanyp bilýärler.
LG-iň 12 dýuýmlyk täze displeýi şekiliň hilini ýitirmezden,  bir dýuýmy  100 piksel dykyzlygy we RGB reňkleriniň doly diapazonyny saklamak bilen, 18 dýuýma çenli ulalyp biler. Süýnüş koeffisiýenti 20% bolan, 2022-nji ýylyň prototipi bilen deňeşdirilende, häzirki panel iki esse - 50%  uzalyp bilýär.
Süýnýän paneli döretmek üçin LG Display çeýe kremniý ýerligi, ýörite gurluşly simi we bary-ýogy 40 mikrometr ölçegli mikro-yşyklandyryjylary ulandy. Şeýle täzelikler aşa sowuk ýa-da yssy ýaly, aşa agyr şertlerde-de durnuklylygyny saklaýan  displeý döretmäge mümkinçilik berdi.
Süýnýän, inçe we ýeňil displeýleri bitekiz üstlere berkidip bolýar, bu bolsa olary senagatdan başlap, medisina we bilime çenli, dürli ugurlarda ulanmaga ýaramly edip biler.
Şeýle panelleriň täjirleşdirilmegi çeýe elektronikanyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy bolup biler, onuň amaly ulanylyşyny we dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.


düýn 23:26
1.7k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....