Neuralink beýnä çip oturtmak boýunça kliniki synaglar üçin meýletinçileri toplap başlady

  • 21.09.2023 01:26
  • 18k+

Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy protezlere gözegçilik etmekde ulanylyp bilinjek, beýnä oturtmak boýunça kliniki synaglar üçin meýletinçileri toplap başlady.

"Adamlarda ilkinji kliniki synagy geçirmek üçin meýletinçileri toplamak işiniň başlanandygyny hoşallyk bilen mälim edýäris!" – diýip, kompaniýa öz sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda yglan etdi.

Kompaniýanyň web sahypasy oňurga ýiliginiň boýun böleginiň şikes almagy netijesinde el-aýagy ysmaz bolan ýa-da amiotrofik gapdal sklerozly adamlaryň bu maksatnama gatnaşyp biljekdigini belleýär.
Neuralink başlangyjy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, geljekde adamyň beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri ösdürýär. Telekeçi şeýle nerw interfeýsleriniň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döredjekdigine, şeýle hem adamlara pikiriň güýjüni ulanyp kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar. 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça müdirliginden adamlara kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandygyny habar beripdi.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......