Körler üçin gözüň we hasanyň ornuny tutjak akylly guşak döredildi

  • 09.12.2023 17:58
  • 11k+

Gonkongda ýerleşýän hytaýly AI Guided startap kompaniýasy innowasion enjamy – GUIDi-i hödürledi.

Ol körlere kömek etmek üçin niýetlenendir. Täze önüm körleriň ulanýan adaty hasasyny çalyşmak üçin döredildi. Ol daş-töweregimizdäki dünýäni duýmagyň täze usulyny hödürleýär.
GUIDi goşa 8 megapiksel kamera we daş-töweregi seljermek üçin elektronika bilen enjamlaşdyrylandyr.
Emeli aňly enjam ulanyjynyň ýolunda päsgel berip biljek zatlary ýazga alyp, hakyky wagtda ýagdaýa baha berýär. Ulgam bir päsgelçiligi ýüze çykaran badyna, gyssagly seslenme bloklaryny işjeňleşdirýär.
Guşakda ýerleşýän bu bloklar päsgelçiligiň ýerleşýän ugruny görkezip, titremäniň üsti bilen päsgelçilikleri duýdurýar.
Mundan başga-da, GUIDi ykjam programma bilen Bluetooth arkaly sinhronlaşýar, ulanyja barmaly ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Guşak ulanyjyny barmaly ýerine ugrukdyrýar we ulanmagy aňsatlaşdyrmak üçin ondaky düwmeler Braýlyň şrifti bilen belgilenen.


03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.8k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....