iPhone 15 beýleki iPhone we Android smartfonlaryna zarýad berip biler

  • 23.09.2023 17:40
  • 18k+

USB-C portuna eýe bolan iPhone 15 smartfony başga bir ykjam gurluşa zarýad bermeli bolsa, daşarky akkumulýator hökmünde ulanylyp bilner. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Haçan-da iPhone 15 smartfony Lightning interfeýsini ulanýan has köne iPhone-a birikdirilende, iPhone 15 köne iPhone smartfonyna zarýad berer. Haýsysynyň zarýad derejesiniň ýokarydygyna garamazdan, hemişe iPhone 15 has köne iPhone-a zarýad berer.
Ýöne eger siz iPhone 15-i başga bir iPhone 15-e birikdirseňiz, iki telefon biri-biri bilen arabaglanyşyp, haýsy telefonda batareýanyň azdygyny kesgitlär, soňra galan zarýady ýokary bolan telefon ikinji telefona zarýad berip başlar.
Mundan başga-da, iPhone 15 şeýle funksiýany göterýän Android smartfonlary bilen hem şol prinsipde işläp biler. Ýöne beýleki gurluşlara zarýad berlende kuwwatlylyk derejesi 4,5 Wt bilen çäklenýär. Başga bir smartfonyň zarýad almagy üçin örän köp wagt gerek bolýar. Ýöne bu funksiýa Apple Watch we AirPods üçin peýdaly bolup biler.


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....