Apple "akylly öý" üçin köp sanly üýtgeşiklikleri taýýarlaýar

  • 17.10.2024 13:41
  • 3.1k+

Apple enjamlaryň doly utgaşdyrylmagyna ünsi jemläp, "akylly öý" bazaryndaky strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýanyň täze önümi  bolan homeOS Apple-iň ähli enjamlarynyň we hyzmatlarynyň öý şertlerinde üznüksiz täsirleşmegini üpjün eder diýip, Bloomberg ýazýar.

Kupertinalylar bu kararyň "akylly öýler" babatda  Amazon, Google bilen bäsleşmekde orunlaryny berkitmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Amatlylyk üçin interaktiw ekranlar
Möhüm täzelik diňe bir yşyklandyryş, wideo gözegçilik we multimediýa enjamlary üçin dolandyryş merkezi bolman, eýsem, wideo jaňlary, internete girmek we amaly programmalar bilen işlemek üçin akylly ekranlardyr. Olar geljegiň akylly öýüniň esasy elementine öwrüler.

Emeli aň we şahsylaşdyrma
Apple Intel Intelligence platformasy arkaly emeli aňy işjeň durmuşa ornaşdyrýar. AI ulgamy her bir maşgala agzasynyň isleglerine uýgunlaşmaga, yşyklandyryşy, temperaturany we beýleki görkezijileri aýratyn zerurlyklara sazlamaga mümkinçilik berer. Bu "akylly öýi" ulanmagyň şahsylaşdyrylan tejribesini döreder.

Matter standart goldawy we beýleki brendler bilen utgaşyklylyk
Kompaniýa açyklyga tarap ädim ädýär: Matter standartyny goldamaklyk Apple enjamlarynyň dürli öndürijileriň Smart-tehnikasy bilen sazlaşygyny üpjün eder. Bu bolsa ulanyjylara dürli enjamlary bir ekoulgama birikdirmegi aňsatlaşdyrar.

AR enjamy: Vision Pro-nyň ýönekeýleşdirilen görnüşi
Apple 2000 dollar töweregi baha bilen Vision Pro-nyň has amatly görnüşini çykarar. Täze modelde EyeSight funksiýasy bolmaz, onda kuwwaty pes bölekler we arzan materiallar ulanylar.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
948

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......