Apple kompaniýasy Apple Intelligence emeli aň sistemasyny hödürledi

  • 12.06.2024 13:54
  • 2.1k+

Apple kompaniýasy WWDC 2024 konferensiýasynda emeli aň sistemasy Apple Intelligence-i (AI) hödürledi. Ol iOS 18-e, iPadOS 18-e we macOS Sequoia-a giriziler.

Üýtgeşmeleriň arasynda emeli aňa gelýän duýduryşlary möhümligi boýunça tertipleşdirmäge mümkinçilik berýän Priority notifications, şeýle-de poçta müşderisinde uly hatlardan gysgaça mazmun almak mümkinçiligi bar.
Täze funksiýalar tekst beýany boýunça şekil döretmegi, animirlenen emojileri (Genmoji) döretmegi we “Bellik” programmasynda Image Wand-yň kömegi bilen garalama belliklerini şekile öwürmegi öz içine alýar.
Emeli aňly Siri kömekçisi ChatGPT-ni almak bilen has akylly boldy. Kömekçi sözleýşe we kontekste düşünmegini kämilleşdirdi, bu bolsa dürli programmalarda hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Apple Intelligence saýlanan suratlaryň we wideolaryň ýa-da islenýän netijäniň beýanynyň esasynda wideolary döretmäge, şeýle-de suratlardan aýry-aýry obýektleri aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Apple Intelligence funksiýalary diňe iň täze prosessorlar bilen enjamlaşdyrylan gurluşlarda elýeterlidir: iPhone 15 Pro/Pro Max, iPhone 16 hatary we M1 ýa-da has täze çiplere esaslanýan Mac.
Täze emeli aň funksiýalary diňe iňlis dilinde elýeterlidir, ýöne geljekde Apple beýleki dilleriň goldawyny hem goşar.


düýn 22:07
790

Akylly ädim: Tubi hemmeden öňürti ChatGPT-niň içine girdi

Fox korporasiýasyna degişli bolan Tubi striming platformasy ChatGPT-niň içinde öz goşundysyny (app) işe girizdi. Şeýlelik bilen, Tubi öz hyzmatlaryny göni çat-botuň içine ornaşdyran ilkinji iri wideo platforma......

14.04.2026 16:42
2.5k+

iPhone bejermek üçin iň ýaramsyz smartfon diýlip ykrar edildi

Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgullanýan amerikan täjirçilik däl guramalarynyň federasiýasy U.S. PIRG bejerilmesi kyn smartfonlar baradaky «Failing the Fix»......

13.04.2026 20:38
1.7k+

Britaniýanyň Lloyds banky direktorlar geňeşine emeli aň botuny goşdy

Britaniýanyň iň uly banklaryndan biri bolan Lloyds Banking Group dünýäde ilkinji bolup, dolandyryş ulgamyna emeli aň (EA) kömekçisini girizdi. The Sunday Times neşiriniň habar bermegine görä, bu ädim EA-nyň......

13.04.2026 10:55
8.3k+

Samsung öz mahabatynda tötänden geljekki iPhone 18 Pro Max-y görkezdi

Samsung Display bölümi Galaxy S26 Ultra flagmany üçin taýýarlan mahabat wideosyny köpçülige hödürledi. Bu wideoda ünsli tomaşaçylar Apple kompaniýasynyň entek tanyşdyrylmadyk iPhone 18 Pro Max smartfonynyň......