Adobe 2D şekili 5 sekuntda 3D formata öwürýän emeli aňy döretdi

  • 16.11.2023 13:53
  • 5.3k+

Adobe-yň we Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň işgärleri iki ölçegli şekilleri bary-ýogy 5 sekuntda üç ölçegli şekillere öwrüp bilýän algoritmi işläp düzdüler. Bu barada TechSport habar berýär.

Işläp düzüjiler täze algoritmi Uly rekonstruksiýa modeli (Large Reconstruction Model – LRM) diýip atlandyrdylar. Ol, takmynan, 1 mln 3D şekillerden ybarat uly maglumatlar toplumynda tälim aldy.
Hödürlenen emeli aň şekilleriň dürli görnüşleri, şol sanda hakyky dünýäden alnan suratlar we beýleki neýroulgamlaryň kömegi bilen döredilen wizual kollažlar bilen netijeli işlemäge ukyply. Modeliň ýene bir aýratynlygy onuň çylşyrymly teksturalary we ownuk elementleri hiline zyýan ýetirmezden jikme-jik işlemegidir.
Gözlegiň awtory Isong Hong Uly rekonstruksiýa modelini dizaýndan we güýmenjeden başlap, oýun pudagyna çenli dürli ugurdaky hünärmenlere kömek etjek öňegidişlik diýip atlandyrdy.


03.06.2026 23:06
842

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.8k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

02.06.2026 07:43
1.3k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....