Apple noutbuklaryna we kompýuterlerine çygy duýmagy öwretdi

  • 06.11.2023 09:58
  • 4.4k+

Apple käbir MacBook-lara we iMac -lara USB-C portlarynda çygy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän macOS Sonoma 14.1-i täzelenmesini çykardy. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi.

Täze macOS moduly liquiddetection diýip atlandyrylýar. Suratlandyrylyşyndan çen tutsaň, ol ähli USB-C birikdirijilerinde çygyň we poslama alamatlarynyň bardygyny anyklap bilýär. Şuňa meňzeş opsiýa eýýäm iOS-da bar. Fiziki derejede modul içine çyg düşende gyzarýan we zerur maglumatlary OS-a iberýän, enjamlaryň içine oturdylan komponentdir.
Ilkinji nobatda, bu ulgam Apple-iň özüne zerur, hyzmat merkeziniň işgärleri iMac-yň ýa-da MacBook-yň içine çyg düşendigini ýa-da düşmändigini tiz kesgitläp biler diýip, 9to5Mac ýazýar. Şundan ugur alyp, neşir Apple täze moduly habarnamalar ulgamy bilen baglanyşdyryp bilmez diýen netijä geldi.
Öz gezeginde iPhone-da we iPad-de duýduryş mehanizmi bar. Eger birleşdirijide suwuklyk tapylsa, iOS has beter zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin smartfonyňyzy ýa-da planşetiňizi derrew elektrik kabelinden aýyrmagy maslahat berýär.
9to5Mac häzirki wagtda gürrüňi edilýän datçikleriň haýsy iMac we MacBook modellerinde bardygy belli däl diýip belläp geçdi. Žurnalistler bu aýratynlygyň diňe M3 seriýaly prosessorlar bilen işleýän täze enjamlar üçin mahsusdygyny öňe sürýärler.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....